BILIM

Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň içeri işler edaralary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ministrligiň institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edilipdir.

  1. 1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar kabul edilýär.
  2. 2. Institutyň şu aşakdaky fakultetlerine okuwa kabul edilýär:

— hukuk fakulteti;

— ýörite edaralar fakulteti;

— ýangyn-tehniki fakulteti;

— içerki goşunlar fakulteti.

  1. 3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň Okuw merkezinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin salgymyz: Aşgabat şäheriniň 2052-nji (Esgerler) köçesiniň 9-njy jaýy. Telefon belgilerimiz: 36–45–17,36–44–97

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy