Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli kabul etdi.
Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Netijeli esasda geçen duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.
Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagy we mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Hususan-da, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In ýokary döwlet wezipesine girişenden soň, Merkezi Aziýa ýurtlaryna guran saparlarynyň dowamynda 2019-njy ýylyň aprel aýynda ilki bilen Türkmenistana bolan döwlet saparyny hemişe ýatlaýar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ýokary baha berdiler. Onuň işi Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça özara ynanyşmagy berkitmäge we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparyna hem-de Bilelikdäki türkmen-koreý işewürlik geňeşine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän, awtoulaglar we beýleki ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýan koreý işewür düzümleriniň işleriniň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Korýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň hem-de ýokary ösüşe eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Köp ýyllaryň dowamynda dünýä belli “LG” hem-de “Hyundai” koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şin Sung-çuli Türkmenistanda diploimatik wezipä girişmegi bilen ýene bir ýola gutlap, döwletara serhetler açylansoň we ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygy geçirmek üçin amatly şertler emele gelensoň Koreýa Respublikasyna jogap saparyny amala aşyrmakçydygyny aýtdy.
Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.