SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusyň hasaba alnanyna bir ýyl doldy

Ählimize mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzi koronawirus ýokanjy bilen göreşip gelýär. Bu babatda, lukmanlar, alymlar şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy birnäçe işleri alyp barýar.

Şu gün Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirusynyň täze görnüşini dünýä mälim edenine 1 ýyl boldy. 2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýädäki durmuşy düýpgöter üýtgeden bu ýokanç kesel baradaky netijeleri mälim edipdi. Koronawirus 2019-njy ýylyň dekabrynda ilki bilen Hytaýda peýda bolup başlady diýlip, «ntv.com.tr» saýtynda aýdylýar.

Ilkinji sanjym Russiýadan

Russiýa geçen tomusda «Sputnik V» atly sanjymyň täsirli bolandygyny habar berdi. Russiýada 15-nji dekabrda sanjym barlaglarynyň tutuş ýurt boýunça başlandygyny habar berildi. «Sputnik V» Russiýa tarapyndan bellige alnan ilkinji koronawirus sanjymydyr.

Soňra ABŞ-nyň we Germaniýanyň bilelikde öndüren “Pfizer/BioNTech” sanjymy, ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasynyň sanjymy, Hytaýyň birnäçe sanjymlary, Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bilelikde işläp düzen sanjymlary döredilip, bu sanjymlar dünýäniň dülri ýurtlarynda kem-kemden sanjym edilip başlandy.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar