MEDENIÝET

Tom Henks täze keşpde

“BBC” ýaýlymynyň “Graham Norton” Täze ýyl mynasybetli telegepleşigine gatnaşan aktýor Tom Henks, täze film üçin üýtgeşik keşbe eýe boldy. Dünýä belli aktýor ýene-de dünýä belli aýdymçy Elwis Presliniň durmuşyna bagyşlanan filmde Presliniň dolandyryjysy Tom Parkeriň keşbini ýerine ýetirer.

Polkownik Tom Parkeri filmde janlandyrmak üçin aktýor özüniň saçyny we sakgalyny aýyrmaly boldy. Soňra bolsa Tom kellesindäki baş gabyny aýyryp, häzirki wagtda nähili durkundadygyny görkezdi.

“Men bu keşbim bilen öz çagalarymy gorkuzdym we olardan ötünç soramak isleýärin” diýip, Henks

belläp geçdi. Täze çykaryljak “Elwis” filmde rok ýyldyzy Elwis Presliniň keşbini, amerikaly aktýor hem-de

aýdymçy Ostin Batler janlandyrar.

Baş gahryman Elwis Presliniň aýalynyň keşbini bolsa, ýaş aktrisa Oliwiýa De Djon ýerine ýetirer. “Warner Bros. Pictures” kino studiýosynyň tarapyndan şekillendiriljek bu film, kino muşdaklaryna 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda hödürlemegine garaşylýar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri