JEMGYÝET

Gymmat bahaly metallar :Internet web saýty döredilýär

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web saýtlary döretmek we işe girizmek” hakyndaky Kararyna laýyklykda, ykdysadyýet toplumynda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Maliýe-ykdysadyýet toplumynyň edaralary şol resminamada bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleri görýärler. Häzirki wagtda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň internet web saýtynyň sahypasyny işläp düzmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Onuň sahypalarynda degişli habarlar, gaznanyň esasy iş ugurlary, garamagyndaky dükanlaryň salgysy, öndürilýän milli şaý-sepleriň, nyşanlaryň, ýadygärlik sowgatlaryň we beýleki önümleriň görnüşleri baradaky maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Saýtda müşderilere menzilara hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda öndürilýän önümlere elektron görnüşinde sargyt salmak, milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly tölegleri kabul etmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy