JEMGYÝET

Ak şäher Aşgabat ak gar bilen has owadan

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda gar ýagmaga başlady. Gysga wagtda ak şäherimiz Aşgabat ak gara bürendi. Şu habary giren sagadymyzda hem gar ýagmaga dowam edýär.  “Watan” habarlar gepleşiginden soňra ýetirilen howa maglumaty baradaky habara görä, Aşgabat şäherinde bu akşam howanyň sowuklygy -1-den -3 gardusa çenli sowuk bolar we gar ýagar. Paýtagtymyzda ertir howanyň 0 gradusdan – 2 gardusa çenli sowuk bolmagyna garaşylýar. Gar ýagyşy ertirem dowam eder. Bellemeli zat, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda hem gar gatyşykly ýagyş ýagar.

Şol bir wagtda howanyň sowamagy hem-de garyň ýagmagy bilen ýollaryň sürjek bolmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy «Altyn asyr» mobil aragatnaşyk ulgamy sms-habarnamasyny ýaýratdy.

Onda hususan-da, gyş paslynda howanyň sowamagy bilen ýollarda döreýän sürçek zerarly sürüjileriň awtoulaglaryny seresap dolandyrylmagy ýatladylýar.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy