SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Syýahatçylar çäklendirmelerden azat

Türkiýede daşary ýurtly syýahatçylar dynç alyş günleri üçin girizilen köçä çykmak gadagançylygyndan azat edildi. Olar ýerli raýatlaryň öýde oturmaly wagtynda kireýine alan ulaglary bilen gezelenjini dowam etdirip bilerler. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan habar berildi.

Ýurtdaky garbanyşhanalaryň köpüsine çäklendirmek getirilen hem bolsa, myhmanhanalardaky we howa menzillerindäki garbanyşhanalardyr dükanlar işlär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýede 20-nji noýabrdan başlap, käbir çäklendirmeler girizildi. Olara görä, şenbe güni agşam sagat 20-den ýekşenbe güni gündiz sagat 10-a, ýekşenbe güni 20-den duşenbe güni daňdan 5-e çenli köçä çykmak çäklendirildi. Dükanlar, dellekhanalar we gözellik salonlary ir sagat 10-dan agşam 20-ä çenli işleýär. Sport toplumlarydyr kinoteatrlar, muzeýler ýapyk durar. Sport ýaryşlary tomaşaçysyz geçiriler.

Çäklendirmeler, häzirlikçe, 15 gün dowam eder.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi