SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň migrasiýa ulgamynyň sanly formata geçendigini habar berdi.

Indi ýurda girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary diňe elektron wiza (eVisa) alarlar. Ol ozal pasportlara ýelmenýän wiza nakleýkasynyň (vignette) ýerini tutdy.

Wiza statusy baradaky maglumatlar Beýik Britaniýanyň immigrasiýa gulluklarynyň ulgamynda sanly formatda saklanylýar.

Diplomatik wekilçilik dalaşgärlere täzelenen düzgünler we resminamalary resmileşdirmegiň tertibi bilen öňünden tanyşmagy maslahat berýär.

Has giňişleýin maglumat Beýik Britaniýanyň hökümetiniň resmi saýtynda ýerleşdirildi: http://gov.uk/eVisa

Related posts

“COVID 19”: çäklendirmeleri gowşadýan ýurtlar

Ata Watan Eserleri

Stambulda Mart aýy biletleri : Pandemiýadan öňki biletleriň pulyny almak

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri