SPORT

“Formula 1” 9 ýyldan soňra Türkiýä dolandy

“Formula 1” ýaryşynyň 14-nji tapgyry Türkiýäniň Stambul şäheriniň “Intercity Istanbul Park Track” meýdançasynda tomaşaçysyz  ýagdaýda geçiriler. Ýaryşyň saýlama tapgyry 14-nji noýabrda sagat 17:00-da, esasy ýaryş bolsa 15-nji noýabrda sagat 15:10-da başlanar.

“Formula 1” Gran-Pri Türkiýe gatnaşýan 14 sürüjiniň 5-siniň utuk sanlary bilen tanyşdyrýarys:

  1. 1. Lýuis Hemilton (Beýik Britaniýa) – 282 utuk
  2. 2. Waltteri Bottas (Finlýandiýa) – 197
  3. 3. Maks Ferstappen (Niderlandrlar) – 162
  4. 4. Daniel Rikkardo (Awstraliýa) – 95
  5. 5. Çarls Leklerk (Monako) – 85

Türkiýe Gran-Prisinde “Mersedes” topary, toparlaryň bölünişiginde çempion hökmünde çykar. “Formula 1” dünýä çempionatynyň taryhynda toparlaryň arasynda “Ferrari” topary şu wagta çenli 16 çempionlyk bilen iň köp ýeňiş gazanan topar hasaplanylýar. Bu netije boýunça “Williams” topary 9 gezek, “MakLaren” topary 8 gezek, “Mersedes” we “Lotus” toparlary 7 gezek,  “Red Bull” topary 4 gezek çempion bolmagy başardylar.

Türkiýe Gran Prisiniň toparlaryň klassifikasiýasynyň iň gowy 5 topary:

  1. 1. Mersedes topary – 479 utuk
  2. 2. Red Bull – 226
  3. 3. Renault – 135
  4. 4. MakLaren – 134
  5. 5. Racing Point – 134

Bu ýaryşda iň tejribeli we iň köp çempion bolan sürüjiler kimler?

“Alfa Romeo” toparynyň sürüjisi 41 ýaşly finlýandiýaly Kimi Raikkonen öz hasabynda 328 Gran-Pri ýaryşyna gatnaşyp, Türkiýe Gran-Pri ýaryşynda tejribeli sütüji hasaplanylýar. “Formula-1”  çempionatyň13-nji tapgyryndan soň umumy sanawynda birinji orny “Mersedes” toparynyň iňlis sürüjisi Lýuis Hemilton eýeleýär. Şeýle-de bolsa bu ýaryşda Hemilton özüniň ýedinji çempionlygy almaga synanyşar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Şwesiýaly türgen 13-nji rekordyny goýdy

Italiýaly derwezeçi Donnarumma «Mançester Siti» klubyna geçýär

Ata Watan Eserleri

Serdar Azmun BAE-niň çempionatynyň «Altyn top» baýragyny aldy

20 ýyldan soň ukrain toparlary Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmedi

“Ahal” – “Regar Tadaz”: ykbal kesgitleýji oýun

“Kristal Palas” ilkinji gezek Angliýanyň Super Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri