Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy.
Abraýly halkara düzüminiň baştutany milli Liderimize Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, Milli Olimpiýa komitetiniň ýurdumyzda 2023-2025-nji ýylllarda AOK-nyň Baş Assambleýasyny we onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky resmi teklibine garandygyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Türkmen döwletiniň Baştutanynyň teklibini kabul edýändigini habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, degişli çözgüt kabul ediler, şonuň ýaly-da AOK-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanda AOK-nyň Baş Assambleýasynyň hem-de onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň geçiriljek ýyly kesgitlener.
Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda Olimpiýa hereketini ösdürmäge berýän yzygiderli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünligi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hatda bellenilişi ýaly, bu ägirt uly sport bäsleşigine gatnaşan AOK-nyň we Okeaniýanyň agza ýurtlarynyň ählisi häzire çenli bu ýaryşlar hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada ajaýyp ýatlamalary öz kalplarynda saklaýarlar.
Öňki pikir alyşmlara laýyklykda, AOK-nyň ýolbaşçysy Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2023-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VII Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Hazaryň kenaryndaky bu gözel künjekde 2017-nji ýylyň aprelinde “Aziada-2017-ä“ bagyşlanan Halkara sport kongresi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde döredilen döwrebap durmuş we sport düzümlerine hem-de ajaýyp çägeli plýažlara ýokary baha berdiler.
Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahyň nygtaýşy ýaly, Awazada VII Aziýa kenarýaka oýunlarynyň geçirilmegi bu zolaga oýunlaryň geçirilýän wagtynda we ondan soňra köpsanly janköýerleriň hem-de syýahatçylaryň gelmegine ýardam eder.
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy