BIZNES

Awtoulagy ulgamy: Açylyş dabarasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bergimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri,  şeýle-de ýurdumyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen gurlan, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desga Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylyşa berilýändir.

Awtoulag kärhanalar toplumynyň täze binasynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy, Awtoulaglar mekdebi hem-de “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerleşdirilendir. Bu AgPJ täze toplumynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan taraplaryň paýly gatnaşmagynda döredilendir.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz ulag infrastrukturasynyň, şol sanda awtomobil toplumy ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Dünýä brendleriniň döwrebap ulag serişdeleriniň satyn alynmagy bilen pudagyň binady yzygiderli täzelenýär we şunuň bilen birlikde hem ýurduň awtobus hem-de taksomotor kärhanalarynyň gerimi giňedilýär.

Ýene-de okaň

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze himiýa zawodlary gurlar

Türk we koreý kompaniýalary Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýy 72,8%-e ýetdi