BIZNES

Plastmassa we polietilen önümleri Türkmenistanda öndürilýär

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki telekeçileriň senagat zolagynda ýerleşýän plastmassa we polietilen önümlerini öndürýän kärhanasy önümçiligiň görnüşlerini barha artdyrýar — diýip, «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Bu hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desgalary 2,5 gektara barabar meýdany eýeleýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki awtomatik usulda işleýän kämil tehnologiýalar plastmassa we polietilen önümlerinden dürli görnüşli hojalyk harytlaryny öndürmäge giň mümkinçilik berýär. Şol tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ildeşlerimiziň 100-den gowragy işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna we ýokary hilli önümleriň öndürilmegine yhlasly zähmetiniň nusgasyny görkezýärler.

Hojalyk harytlary her bir öýde gündelik ulanylýar. Olar hojalyk işini talaba laýyk alyp barmagyň esasy zerurlyklary bolup durýar. Şeýle bolansoň, kärhanada öndürilýän her bir önümiň ýokary hil derejesi barada aýratyn alada edilýär. Şonuň bilen bir hatarda, kärhanada hojalyk harytlarynyň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky tagallalar ýerine-de düşýär. Soňky gysga döwrüň dowamynda kärhanada öndürilýän önümleriň görnüşleriniň ep-esli artmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Işine täzeçillikleri ornaşdyrmak, täze görnüşli önümleri öndürmek babatynda kärhanada üstünlikler gazanylýar. Bu babatda işi barha ilerleýän kärhanada polietilen torbajyklarynyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny bellemelidiris. Bu gün kärhanada isleg bildirýän söwda merkezleriniň, beýleki sarp edijileriň buýurmasy esasynda ekologiýa taýdan arassa ýerli çig maldan polietilen torbajyklarynyň dürli görnüşleri, şol sanda zir-zibil torbajyklary hem öndürilýär. Önümçilik işinde sarp edijileriň islegleri doly nazara alynýar. Bu bolsa, önümiň görnüşine we hil derejesine oňyn täsirini ýetirýär.

Kärhananyň plastmassa önümleriniň önümçiligi boýunça bölüminde ilkibada stol, oturgyç, güldan, sebet, bedre, süzgüç, legen, sabyn gaplary, mejime, çagalar üçin niýetlenen legen, çeker, asgyç, darak, oýnawaçlar ýaly harytlaryň önümçiligi alnyp barlan bolsa, bu gün olaryň görnüşi has-da artdy. Gül oturdylýan gaplaryň, susagyň, çagalar üçin şekilleri düzýän oýunjaklaryň, boýag guýmaga niýetlenen gaplaryň, süýt önümleri, nahar we dürli tagamlar üçin gaplaryň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň önümçiligine girişilmegi bilen, kärhananyň meşhurlygy hem-de önüm öndürijilik gerimi has-da ýokarlandy. Kärhanada azyk we azyk däl önümleriniň gaplamalary hem-de haryt nyşanlary ýaly çap önümleriniň önümçiligi hem ýola goýlandyr.

Häzirki wagtda kärhanada işler üç çalşykda alnyp barylýar. Önümçilik işinde çig mal hökmünde, esasan-da, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýän polipropilen ulanylýar. Kärhanada öndürilýän ýokary hilli we köp görnüşli harytlar paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň söwda nokatlary arkaly ilata ýetirilýär.    

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy