BIZNES

«Rysgal» bankyň «Internet bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 1800 adamdan geçdi

«Häzir Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Internet bank» hyzmatyndan müşderileriň 1800-den gowragy peýdalanýar — diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Neşirde hem beýan edilişi ýaly, bank bu hyzmaty geçen ýylyň 11-nji dekabrynda ýola goýdy. Bu hyzmat internet ulgamyna birikdirilen kompýuter we mobil enjamlarda, wb-brauzerleriň üsti bilen, islendik wagtda we islendik ýerde uzak aralykdan bank hyzmatlaryny peýdalanmak mümkinçiligini berýär.

Hyzmat müşderileriň wagtynyň, şeýle hem banka gelmek üçin sarp edýän harajatlarynyň tygşytlanmagy üçin amatly mümkinçilikleri berýär. Bu hyzmatyň mümkinçilikleri barada dolulygyna gazetiň 2020-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky sanyndan tanşyp bilersiňiz.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

 

Related posts

Türkmen-rus biznes-forumy çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Altınyıldız» Aşgabatda dükan açdy

Ata Watan Eserleri

Telekeçileriň dykgatyna!

Ata Watan Eserleri