SIZDEN GELENLER

Ruslan Mingazow – türkmen futbolunyň Ýewropadaky şöhlesi

Ruslan Kamilýewiç Mingazow (23.11.1991ý)

Topary: Şahtýor Karagandy (Gazagystan)

Belgisi :13

Milli ýygyndy:Türkmenistan

Netijeleri :   FK Aşgabat – Türkmenistan – çempion 2007

FK Skonto – Latwiýa – çempion 2010

FK Slawiýa Praga – Çehiýa – çempion 2017

Ruslan Mingazow diýlende biziň ýadymyza diňe bir onuň Ýewropa Ligasyndaky (bu ýagdaý 2017-nji ýylda, Çehiýanyň “Slawiýa” klubynyň düzümindekä bolupdy) ilkinji türkmen futbolçysy hökmünde çykyş edendigi däl-de eýsem onuň haýsy ýurduň klubyna transfer bolsa-da şol toparyň özüne ýeterlik üstünlik gazanmagy düşýär. Häzir ildeşimiz doganlyk Gazagystan ýurdunda “Şahtýor” klubynda futbol oýnaýar. Emma ol “Gazagystanda özümi edil öýümde ýaly hasaplaýaryn” diýmek bilen oýnuny has-da kämilleşdirmegiň ugrunda.

Ata ýurdumyza wekilçilik edýän futbolçylar Türkmenistan SSSR-iň düzümindekä dünýäniň, Ýewropanyň belli klublary bilen birnäçe gezek bäsleşen bolsalar şol ýyldyz futbolçylaryň yzyny häzirki wagtda Ruslan Mingazow, Arslanmyrat Amanow, Artur Geworkýan.. ýaly ildeşlerimiz ýöredýär.

Ruslan meşhur futbolçy, häzirki tälimçi Kamil Mingazowyň maşgalasynda 1991-nji ýylyň 23-nji noýabrynda dünýä inýär. Ol hem Türkmenistanyň, hem Latwiýanyň, hem-de Çehiýanyň çempionydyr. Belläp geçişimiz ýaly Ýewropa Ligasynyň hem saýlama tapgyryna, hem-de toparlaýyn tapgyryna gatnaşan ilkinji türkmen futbolçysydyr.

Ol heniz 16 ýaşyndaka FK Aşgabat toparynyň düzüminde Ýokary Ligada çykyş edip başlaýar. Şol ýyl hem “Aşgabat” ýurdumyzyň çempiony bolýar. Ondan soňra özüniň täsirli oýny esasynda Ruslan öz karýerasyny Ýewropada, Latwiýada dowam etdirýär. Bu ýerde ýurduň çempionlygna we Kubogyna mynasyp bolýar. Ruslan özüniň üstünlik ýoluny başga bir Ýewropa ýurdunda, Çehiýada dowam etdirýär. Ol ýerde hem çempionlyga mynasyp bolup, ýurdumyzyň adyndan Ýewropanyň abraýly bäsleşiginde Ýewropa Ligasynda çykyş edýär. Legioner şol ýurduň “Ýablones”, “Mlada Boleslaw” klublarynda hem çykyş edýär. Ondan soňra ildeşimiz Gazagystanyň ilki “Yrtyş” klubyna, soňra “Şahtýor” klubyna transfer boldy.

Ruslan Mingazow ýurdumyzyň milli ýygyndysyna hem yzygiderli (2009-njy ýyldan bäri) çagyrylyp gelýär. Milli ýygyndymyz bilen ol 2010-njy ýylda Çagyryş Kubogynda finala çykypdy. Ondan başga-da 2019-njy ýylda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş edipdi.

Ol mundan soňra-da ýurdumyzyň futbolunyň Ýewropadaky abraýy bolmagyna dowam eder diýip umyt bildirýäris we oňa üstünlikler arzuw edýäris. Ýoluň ak bolsun, ildeş!

Serdar Muhamow,

spor synçysy

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk