JEMGYÝET

Halkara gurama işgär gözleýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA)  işgär gözleýär. Bu  guramanyň @unfpa_turkmenistan  Instagram hasabyndan berilýän duýduryşa görä, Türkmenistanyň  Ýaşlar syýasaty boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin  Döwlet maksatnamanyň taýýarlanmagyna goldaw berjek halkara maslahatçy işe alynjak.  Ýüz tutmak üçin soňky möhlet 01.09.2020 senesi diýlip görkezilýär.  Gyzyklanýan okyjylarymyzyň şol guramanyň ýokaryda görkezilen Instagram hasabyndan habarlaşyp biljekdigini mälim edýäris.

Hormatly okyjylarymyz!

Eger Siz öz edaraňyza işgär gözleýän bolsaňyz onda biz bilen atavatan2020@gmail.com  e-poçta salgysyndan habarlaşyp, gözleýän işgäriňiz barada maglumatlary bize ýetirseňiz, onda biz bu barada maglumaty tölegsiz görnüşde saýtymyza  ýerleşdireris.

Bildirişiňizi ýerleşdirmek üçin Gerekli maglumatlar:

  1. Işgär gözleýän edaranyň ady
  2. Iş orny barada maglumat
  3. Ýüz tutmagyň soňky möhleti
  4. Zähmet haky (Eger yglan etmek isleseňiz)
  5. Habarlaşmak üçin maglumatlar
  6. Edaranyň logosy (edaraňyz barada surat hem bolup biler)

Saýtymyzdaky  Türkmenistanly sungat işgärleri bilen geçirilen gyzykly söhbetdeşlikleri okamak üçin Söhbetdeşlik ýazylan ýere basyň!

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar