JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň bellige alan Kowid-19 waksinalary

Hazaryň kenarynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu toparyň mejlisiniň barşynda ýurdumyzda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berildi.

  • Şu ýyl öňüni alyş çäreleriniň üpjün edilmeginiň çäklerinde waksinalary satyn almak hem-de tapgyrlaýyn getirmek işleri guraldy.
  • Şonuň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Gamaleý adyndaky ylmy-barlag merkezinde taýýarlanan Gam-KOWID-Wak ýa-da “Sputnik V”, “Wektor” wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkezi tarapyndan tarapyndan taýýarlanylan EpiWakKorona waksinalar, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň adybir kompaniýasynyň “AstraZeneca” waksinasy, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň “Sinowak” kompaniýasynyň “Koronawak” waksinasy ýurdumyzda bellige alyndy we olary getirmek ýola goýuldy.

“Awazada” dynç almagyň tertibi

Related posts

4 ýurtdan sanjym üçin 750 million ýewro

Ata Watan Eserleri

Birleşen Milletler Guramasy: Ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar