JEMGYÝET

Iň gymmat örtük

Ysraýylyň “Yvel” atly zergärçilik şereketi koronawirusda goraýan dünýäniň iň gymmat agyz-burun örtügini öndürmegi meýilleşdirýär. ABŞ-da ýaşaýan hytaýly müşderi üçin ýörite döredilen gymmat agyz-burun örtüginiň bahasy 1,5 million dollara ýeter.

Şereketiň eýesi we agyz-burun örtüginiň dizaýneri Isak Lewi 3600 ak we gara göwher bilen örtülen 18 karatlyk altyn örtügiň iň ýokary goragy üpjün edýän “N99” örtük ​​görnüşi boljakdygyny mälim etdi.

Şereketiň eýesi Lewi “adyny beýan etmedik” müşderiniň bu ýörite örtügiň 2020-nji ýylyň ahyryna çenli taýýar bolmagyny we dünýäniň iň gymmat örtügi bolmagyny isleýändigini aýtdy.

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Aşkabat’ta Uluslararası Tekstil ve Halı ürünleri fuarı düzenleyecek

vepa

Nebitgaz boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri