DÜNÝÄ

BAE Mars missiýasyny yza süýşürdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän Mars missiýasy häzirlikçe togtadyldy. Beýannamada bellenişi ýaly, Ýaponiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän kosmos zonduny älem giňişligine çykarmak işi yza süýşürildi.

“Umyt” kosmos zondy howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli uçrulmaýar. Ýakynda bu zonduň uçurylmagy bilen baglanyşykly anyk maglumatlar berler.

Bu “Umyt” kosmos zondunyň Marsyň atmosferasynyň temperaturasy, ozonyň skaneri we kislorod bilen wodorodyň ölçegi ýaly üç sany esasy syny amala aşyrmagyna garaşylýar.

Birleşen Arap Emirlikleri “Mars 2117” taslamasy bilen bu planetada, ýaşap boljak şäher gurmagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy