SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Syýahatçylygyň ýitgisi 195 milliard dollar

2020-nji ýylyň ilkinji dört aýynda dünýädäki syýahatçylykdan gelýän girdejiler pandemiýa sebäpli 195 milliard dollar azaldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy habar berýär.

UNWTO-nyň hünärmenleri koronawirus pandemiýasynyň syýahatçylyk pudagyna edýän täsiri barada degişli maglumatlary barada habar berdiler. Şeýlelik bilen, syýahat çäklendirmeleriniň giňden girizilmegi syýahatçylaryň sanynyň 97% azalmagyna sebäp boldy (mart aýynda olaryň sany 55% azaldy). Guramanyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda syýahatçylyk pudagy takmynan 195 milliard dollar ýitirdi. Şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň pandemiýa ilkinji bolup täsir edendigi bellendi. UNWTO-nyň çaklamalaryna görä, şu ýyl beýleki ýurtlarynda syýahatçylaryň sany 850 million – 1,1 milliard azalmagy mümkin. Dünýädäki syýahatçylyk girdejisi 910 milliard dollar – 1,2 trillion dollar azalmagy mümkin.

“Syýahatçylaryň sanynyň köpçülikleýin azalmagy ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpden, syýahatçylygyň täzeden başlamagyny gazanmak ileri tutulýan ugra öwrülýär. UNWTO bu ugurda degişli goldawlara bermäge taýýar. ” – diýlip guramanyň beýanatynda bellenilýär.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi