SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Raýatlara 500 ýewro syýahatçylyk goldawy

Koronawirus ýokanjy sebäpli kynçylyklary başdan geçiren Italiýada syýahatçylyk pudagyny goldamak meýilleşdirilýär. Ýurduň hökümetiniň kararyna laýyklykda, raýatlara 500 ýewro çenli maliýe kömegi berler. Umuman, syýahatçylyk pudagyny täzeden güýçlendirmek maksady bilen 2,4 milliard ýewro sarp etmek göz öňünde tutulýar.

Täze karara laýyklykda, ýyllyk girdejisi 40 müň ýewrodan az bolan italiýaly maşgalalar 2020-nji ýylda meýilleşdiren gezelençleri üçin döwlet kömegini almak babatda ýüz tutup bilerler. Kömek puly öýlenmedik, öýlenen we çagalar üçin aýry möçberlerde berler. Meselen, ýeke ýaşaýan raýatlara 150 ýewro, jübütlere 300 ýewro, çagaly maşgalalara 500 ýewro tölener.

Raýatlary bu kömek puluny iýul-awgust aýlarynda ýurduň çägindäki dynç alyş zolaklarynda peýdalanyp bilerler.

Italiýanyň syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetinde uly ähmiýete eýedir. Syýahatçylyk pudagynyň jemi içerki önümdäki paýy 13 göterime deňdir. Koronawirus sebäpli bu pudagyň ýitgisi 3,2 miliard ýewro barabar bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi