DÜNÝÄ

Polşada Prezident saýlawlary geçiriler

28-nji iýunda Polşada Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada Seýmiň (Mejlisiň iň ýokary partiýasy) spikeri Elžbeta Witek çarşenbe güni geçirilen brifingde habar berdi diýip, TVN24 teleýaýlymy aýdýar.

Ses berlişik iki usulda geçiriler: raýatlar saýlaw uçastoklaryna baryp hem ýa-da poçta arkaly hem mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilerler.

Uzaklykdan ses bermek isleýän Polşanyň raýatlarynyň bu barada 16-njy iýuna çenli habar bermegi hökmanydyr. Daşary ýurtlarda ýaşaýan polşalylar bolsa ses berlişige gatnaşmak üçin 13-nji iýuna çenli ýüztutmasyny bermeli.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 7-nji aprelinde Polşanyň Saýlaw kodeksine üýtgeşmeler girizildi. Şol üýtgeşmelere görä, indi ses berlişige poçta arkaly hem gatnaşyp bolýar. Bu karara saýlawçylary COVID – 19 pandemiýasynyň howpundan goramak üçin gelindi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi