DÜNÝÄ

Uly Gissary bilelikde arassaladylar

Täjik we özbek hünärmenleri Täjigistandaky Uly Gissar kanalynda akabany arassalaýyş işlerini tamamladylar.

«Iki ýurduň arasynda baglaşylan Ylalaşyga görä, arassalaýyş işlerine 5-nji martda badalga berildi. Munuň üçin Özbegistan Gissar şäherine kuwwatly läbik gazyjylaryň 9-syny ugratdy» diýip, «TajikTa» saýtynda aýdylýar.

Arassalaýyş işleri akabanyň jemi 50 kilometrinde geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Uly Gissar kanaly Täjigistanyň Rudaki, Gissar, Şahrinaw etraplaryny we Tursunzade şäherini, Özbegistanyň bolsa Surhanderýa welaýatyny suw bilen üpjün edýär. Bilelikdäki işiň netijesinde şu ýyl ekerançylyk meýdanlaryny suwarmakda kanalyň mümkinçiliginiň has artjakdygyna umyt bildirilýär.

 

Related posts

Türkmenistan Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçihanasy Tährandaky festiwala gatnaşdy

BAE-niň Merkezi Aziýa maýa goýumlary 13 milliard dollardan geçdi