DÜNÝÄTEHNOLOGIÝA

Ilkinji 3D enjam äleme syýahatyny tamamlady

Hytaý tarapyndan döredilen 3D ölçegli älem çap edijisi anna güni Ýere dolanyp geldi. Bu barada Hytaýyň Älem tehnologiýalary akademiýasy tarapyndan habar berildi.

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Hainan adasyndaky Wençang kosmodromyndan älem giňişligine goýberilen tehnologik gurluş öz bilen bilelikde täze we gymmatly maglumatlary hem alyp geldi. Ol Mongoliýanyň sähralyklarynyň birine gonduryldy.

Şeýlelikde, älem giňişligini indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri «ele alan» adamzat ilkinji 3D ölçegli çap edijileri hem ugradyp bilýär. Şeýle çap edijileriň ugradylmagy olardaky maglumatlaryň ylym üçin has peýdalydygyndan gelip çykýar. Başlangyjy Hytaýa degişli bu tutum Ýer ― Älem gatnaşyklaryndaky täze sahypa öwrülip biler.

Ilkinji 3D enjamynyň älem giňişliginden alyp gelen kapsulasy häzir ylmy-barlag merkezlerinde içgin öwrenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi