DÜNÝÄ

Mariana çöketliginiň düýbüne ýetildi

Russiýanyň «Witýaz» suwasty gämisi Mariana çöketliginiň düýbüne ýetip bilen ilkinji gämi boldy. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

Bu çümüş Ýeňiş gününiň hormatyna geçirildi. Gäminiň içinde adam ýokdur, ol uzak aralykdan dolandyryldy. Çöketligiň düýbüne ýetilmegiň başardandygynyň subutnamasy hökmünde bu ýerde bellik goýlup gaýdyldy.

Aslynda, Mariana çöketliginiň düýbüne ýetmek üçin ýapon we amerikan suwasty gämilerinde hem synag edildi. Ýöne bu üstünlige «Witýazdan» ozal hiç bir gämi ýetip bilmedi.

Aýdylyşyna görä, «Witýazy» çöketligiň düýbüne ýene birnäçe goýbermek meýilleşdirilýär. Suwasty gämi çöketligi has içgin öwrenmäge mümkinçilik berer.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi…

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy