PEÝDALY MASLAHAT

Maýyplygy bolan adamlara nähili ýeňillikler berilýär?

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 65-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, I we II topar maýyplygy bolan adamlar, maýyplygy bolan eneler, şeýle hem özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasynyň talaplaryny nazara almak bilen  maýyplygy bolan çagalary terbiýeleýän maşgalalar ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda döwletiň goldawyna mätäç raýatlaryň toparyna degişli edilýär.

Agzalan Kodeksiň 70-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara, garrylara, ýürek-damar we sanawy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýän beýleki dowamly keselleriň agyr görnüşlerinden ejir çekýän adamlara döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýy olaryň isleglerini hasaba almak bilen aşaky gatlardan ýa-da liftleri bolan ýaşaýyş jaýlaryndan berilýär. Maýyplygy bolan adamlara dikeltmegiň şahsy maksatnamasyna laýyklykda jaýyň görnüşini, abadanlaşdyrylyş derejesini we ýaşamak üçin beýleki zerur şertleri hasaba almak bilen ýaşaýyş jaýyny saýlamak hukugy berilýär.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 142-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara ýa-da maýyplygy bolan adam bar bolan maşgalalara berilýän we olaryň eýeleýän ýaşaýyş jaýlary ýörite serişdeler, abzallar we telefon aragatnaşygy bilen enjamlaşdyrylýar.

Agzalan Kodeksiň 147-nji maddasyna laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara durmuş kömegi pul tölegleri we agzalan Kodeksde göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegi, dermanlar, maýyplygy bolan adamlar üçin arabalar, protezler we beýleki protez-ortopedik önümler, ýörite harply çap önümleri, ses güýçlendiriji we duýduryş gurallary bilen üpjün etmek görnüşinde, şeýle hem saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan dikeltmek boýunça hyzmatlary we durmuş hyzmatyny etmek arkaly berilýär.

Derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrlеr Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde maýyplygy bolan çagalar, çagalykdan maýyplygy bolan adamlar, I we II topar maýyplygy bolan adamlar – maýyplygy bolan adamlar üçin arabalar, protezler we başga protez-ortopediki önümler bilen; III topar maýyplygy bolan adamlar – protezler we başga protez-ortopedik önümler bilen degişlilikde mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

Görkezilen Kodeksiň 148-nji maddasyna laýyklykda, maýyplygy bolan adamlara özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda, binanyň görnüşini, köp gatlylygyny, abadanlaşdyryş derejesini we ýaşamak üçin beýleki zerur şertlerini göz öňünde tutmak bilen ýaşaýyş jaýyny saýlap almak hukugy berilýär.

I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň, maýyp bolan eneleriň, şeýle hem maýyp bolan çagalary terbiýeleýän maşgalalaryň ölçeglere we saglygy dikeltmegiň özbaşdak maksatnamasyna laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga hukugy bardyr.

I topar maýyplygy bolan adamlary bolan adamlaryň, olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalarynyň suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr.

Agzalan Kodeksiň 149-njy maddasyna laýyklykda, maýyplygy bolan adamlaryň aragatnaşyk, durmuş hyzmaty, ulag hyzmaty, söwda, ýaşaýyş jaý-jemagat, saglygy goraýyş kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan ilkinji nobatda hyzmat edilmäge, şeýle hem ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynda biletleri ilkinji nobatda satyn almaga hukuklary bardyr.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 189-njy maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamalar gaýtadan berlende maýyplardan döwlet pajy tutulyp alynmaýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 50-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde, hünäri ýa-da zähmet öndürijiligi deň bolanda, işde galmak üçin artykmaç hukuk çagalykdan maýyba berilýär diýip bellenilen.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 187-nji maddasynyň bäşinji böleginiň 5-nji tesimine laýyklykda, çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplary girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir.

“Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda”  Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda I we II topar maýyplygy bolan adamlara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende olaryň haýyşy boýunça tölegsiz berilýär.

“Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň resmileşdirilmegi we berilmegi, şeýle hem onuň çalşyrylmagy üçin döwlet pajynyň möçberini bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda çykaran 14389 belgili kararynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň resmileşdirilmegi we berilmegi, şeýle hem onuň çalşyrylmagy üçin ähli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

“Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 21-nji dekabrynda çykaran 14520 belgili karary bilen tassyklanan Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajynyň möçberleriniň “Bellik” diýen bölegine laýyklykda, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin ähli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.

Çeşme : minjust.gov.tm 

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär