JEMGYÝET

90 million ýyllyk ullakan ýumurtga tapyldy

Hytaýda 90 million ýyllyk ullakan ýumurtga tapyldy. Kalgari uniwersitetiniň alymlary adaty bolmadyk paleontologiki artefakt – Hytaýyň merkezi böleginde bir daýhan tarapyndan tapylan ullakan ýumurtga boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýärler. “Live Science” neşiriniň habaryna görä, ýumurtganyň ýaşy 90 million ýyl diýlip çaklanylýar.

Alymlar ýumurtga gabygyň berkligini belläp geçdiler we içinde döwlegen süňkleriň bardygyny bellediler.

Ylmy-barlaglaryň netijesine görä, ýumurtganyň dinozawrlar bilen birlikde ýok bolup giden “Yuchelys nanyangensis” pyşbagasyna degişlidigi ýüze çykaryldy.

“Yuchelys nanyangensis” pyşbagalary gaty uly bolup, olar ýumurtgalaryny Hytaýyň hek döwrüniň yssy we gurak şertlerine täsir etmezlik üçin örän çuňlukda çygly toprakda saklapdyrlar.

bu tapylan pyşbaga ýumurtgasynyň Galapagos pyşbagalarynyň ýumurtgasyndan birneme kiçidir. Şol bir wagtyň özünde, ýumurtganyň dykyz gabygy (1,8 mm) – towugyň ýumurtgasyndan alty esse galyňdyr.

Alymlar ylmy-barlaglaryň netijesinde, kellesi we boýny hasaba alynmazdan, pyşbaganyň uzynlygyny 1,6 metre barabardygyny bellediler. Ýumurtganyň içindäki embrion 85 göterim kämilleşipdir. Ýumurtganyň gabygy birnemä çat açypdyr, ýöne içindäki kiçijik pyşbaga çykmak başartmandyr.

 

“Tesla” öz robotyny tanyÅŸdyrdy

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar