Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Hepdäniň ilkinji günlerinde sözleriňiziň äheňine aýratyn üns bermek gerek bolar. Siz aýdýan zadyňyzda doly hakly bolup bilersiňiz, emma pikiriňizi şeýle görnüşde ýetirersiňiz welin beýleki adamlar diňe basyşy duýup bilerler. Işdeşler ýakynlaryňyz ýa-da adatça ýeňil düşünişýän adamlaryňyz bilen jedeller ýüze çykmagy mümkin. Gaharlanyp, “meni hiç kim düşünmeýär” diýen pikir bilen hereket etmäge howlukmaň. Häzir esasy zat jedelde ýeňmek däl-de, gatnaşyklaryňyzy saklamak we soňky mümkinçilikler üçin ýer goýmakdyr.Hepdäniň ortalarynda duýgulardan netijä geçmäge mümkinçilik dörär. Iş meseleleriňiz üstünlikli gider, esasanam tiz kararlary kabul etmeli bolarsyňyz we jogapkärçiligi öz üstüňize almaly ýagdaýlarda hiçzada garaşmaly däl. Siz özüňizi beýlekileriň garaşyşyndan has güýçli görkezip bilersiňiz. Uzak wagtdan bäri çözülmän gelýän meseleleri öňe süýşürmäge we gymmatly tejribe toplamaga mümkinçilik bolar.Maliýe ýagdaýy hem begendirer. Pul gelip gowuşmagy, üstünlikli ylalaşyklar peýdaly şertnamalar ýa-da öňküsinden has köp gazanç mümkinçiligi bolup bilerŞahsy durmuşyňyzda hepdäniň ahyryna çenli ýagdaýlar has ýyly we ýakymly bolar. Şeýle hem ýalňyz Hamallar üçin garaşylmadyk ýerde täze duýgular peýda bolup biler. Bu hepde energiýasyny göreşe däl-de, anyk hereketlere gönükdirenler üçin has üstünlikli geçer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu döwür size artykmaç gürrüňsiz öz ornuňyzy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Beýleki adamlar howlugyp aljyraňly hereket edýän mahaly siz asuda, yzygiderli we öz peýdaňyza görä hereket edip bilersiňiz. Esasanam öň başlan taslamalary tamamlamak, gepleşikler geçirmek, hasabatlar, resminamalar we uzak wagt bäri çözülmeli meseleler bilen bagly işler üstünlikli bolar.Işde işewür gatnaşyklary saklamak möhümdir. Şeýle hem resmi däl söhbetdeşlikleri ähmiýetsiz hasaplamaň käwagt başyndaky gysga gürrüňler hem has peýdaly netijeleri berer. Eger aýlyk ýokarlandyrmak, täze borçlar ýa-da öz gyzyklanmalaryňyz barada gürrüň etmek isleseňiz, asuda wagty saýlaň.Şahsy durmuş ýönekeý zatlar arkaly dostlaryňyz bilen duşuşmak, maşgala agşamy, ýakyn adamlaryňyza ýylylyk duýgusyny getirer. Hepdäniň ahyrynda gatnaşyklarda öý ýa-da geljek meýilnamalary bilen bagly üýtgeşmeler bolup biler. Käte iň möhüm ädim wagtynda kabul edilen adaty karardan başlanýar we romantik gatnaşyklar hem ýakymly bolar. Ýalňyz Sowurlar geljegi bar bolan täze duýgulara duşup bilerler, jübüt bolanlaryň arasynda bolsa mähir we biri-birine ideg etmek islegi güýçlener.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Siz maglumatlary çalt kabul edip, gerek sözleri aňsat taparsyňyz we işlere has işjeň goşularsyňyz. Bu döwür hat alyşmalar gepleşikler okuw gysga syýahatlar we çeýeligi talap edýän işler üçin örän amatlydyr. Esasy zat häzirki pursatda ähli zada ýetişjek ýaly görünse-de, ýerine ýetirip bilmejek zatlaryňyzy wada bermezlikdir.Hepdäniň ikinji ýarymy birneme çylşyrymly bolup biler. Ýagdaýlara nädogry baha bermek owadan sözlere ynanmak ýa-da duýgular täsirinde karar kabul etmek howpy bar. Esasanam pul meselelerinde seresap boluň. Aragatnaşykda hakykatdan hem kim siziň tarapyňyzda durýandygyna düşünmek möhümdir. Käbir adamlar diňe özlerine amatly wagty ýanyňyzda bolar beýlekiler bolsa kyn pursatda kömek ederler. Howlukyp netijä gelmäň ýöne syn ediň. Bu hepde haýsy gatnaşyklary berkitmelidigini, haýsylarynyň bolsa diňe endik sebäpli dowam edýändigini görkezmegi mümkin. Hepdäniň ahyrynda duýgy taýdan döwür ýeňil bolmaz şonuň üçin özüňizi duşuşyklar jedeller we tükeniksiz gürrüňler bilen ýadatmaň. Eger dartgynlylyk artýandygyny duýsaňyz, biraz arakesme ediň we soňra gaýdyp geliň. Häzirki wagtda siziň esasy güýjüňiz aýdyň pikirlenmekdir. Hut şol size konfliktlerden gaça durmaga we öň gazananlaryňyzy saklamaga kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Hepdäniň başy Seretanlar üçin köp hereket we peýdaly aragatnaşyklar getirer. Täze tanyşlyklar garaşylmadyk gürrüňler ýa-da tiz ýagdaýy seljermeli pursatlar ýüze çykyp biler. Siz adamlaryň keýpini örän gowy duýarsyňyz we kime goldaw gerekdigine kim bilen aralygy saklamalydygyna aňsat düşünersiňiz. Bu döwürde siziň duýgurlygyňyz ejizlik däl-de, güýçli aýratynlyk bolar.Iş ugrunda peýdaly gatnaşyklary döretmek mümkinçiligi ýokary. Kimdir biri size gerekli adamy maslahat berip biler.Bu wagt kömek soramakdan çekinmäň emma özüňiz hem kömege mätäç adamlardan ýüz öwürmäň. Bu hepde özara goldaw örän möhüm rol oýnar. Ýöne ähli özgeleriň aladasyny öz boýnuňyza almaň, ýogsa tiz ýadarsyňyz.Hepdäniň ikinji ýarymy çeýeligi talap eder. Meýilnamalar üýtgäp biler, ýagdaýlar tiz reaksiýa sorar, adamlaryň özüni alyp barşy bolsa garaşyşyňyz ýaly bolmaz. Şahsy durmuşda ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlary getirip biler. Romantik duýgular peýda bolup biler hatda olar iş ýa-da umumy işler bilen bagly ýagdaýlarda hem ýüze çykyp biler. Gatnaşykdaky Seretanlara bolsa öz zerurlyklary barada has açyk gürlemek maslahat berilýär: alada üns, ýadawlyk ýa-da geljek meýilnamalary barada gürrüň ediň. Ýakyn adamlaryň hemme zady özbaşdak duýmagyna garaşmaň. Açyk we dogruçyl gürrüň köp öýke-kineden halas eder.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Häzirki wagtda sizi ruhlandyrýan işler bilen meşgullanmak aýratyn peýdaly bolar. Hepdäniň ilkinji ýarymy döredijilik okuw, täze pikirler, medeni çäreler, owadan taslamalar we öz zehiniňizi görkezmäge mümkinçilik berýän ähli işler üçin amatlydyr. Eger işiňiz sungat, media, satuw, okuw, dizaýn, gözellik pudagy ýa-da gymmatly zatlar bilen bagly bolsa, üstünlik gazanmak mümkinçiligi has ýokary bolar.Öz başarnyklaryňyzy görkezmekden gorkmaň.Häzirki wagtda siz adamlaryň ünsüni tebigy hereketleriňiz arkaly çekip bilersiňiz. Tanyşdyrylyş çykyşlary iş söhbetdeşlikleri pikir alyşmalar we gowy täsir galdyrmaly ähli ýagdaýlar üstünlikli geçer.Hepdäniň ikinji ýarymynda dostlaryň, işdeşleriň ýa-da hyzmatdaşlaryň goldawy aýratyn möhüm bolar. Ähli zady ýeke özüňiz çözmäge synanyşmaň. Siz köplenç öňe hereket edýän güýç bolsaňyz-da, häzirki wagtda ýanyňyzda dogry ýol görkezjek ýa-da täze mümkinçilik açjak adamlar peýda bolup biler. Diňe daşyndan haýran galýanlara däl-de, hakykatdan hem size ýagşylyk isleýän adamlara gulak asyň.Şahsy durmuşda täze tanyşlyklar we romantik dowamly gatnaşyklar mümkin. Iş ýeriňizdäki duýgular hem ýüze çykyp biler, ýöne bu ýerde howlukmazlyk we ýagdaýlara sowukganly garamak möhümdir. Gatnaşykdaky Esetler üçin bolsa gatnaşyklara gözellik we ýeňillik goşmak peýdaly bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Adatdaky tertipliligiňizi saklaň. Iş, biznes, meýilnamalar, hasaplamalar, giňişligi tertiplemek we üns talap edýän meseleler bilen meşgullanmak üçin amatly döwürdir.Kimdir biri täze moda pikiri ýa-da tiz ýol hödürledi diýip ugruňyzy düýpgöter üýtgetmäň. Siziň güýçli tarapyňyz amaly pikirlenmek we ownuk zatlary görmek ukybydyr. Şol aýratynlyklary ulanyň, emma ähli zady aşa gözegçilikde saklamak islegine boýun bolmaň. Eger bir zat ideal gitmeýän bolsa, bu ähli zady başdan başlamaga sebäp däl. Käte diňe birnäçe ownuk düzediş ýeterlik bolýar.Hepdäniň ortasynda aragatnaşyk çylşyrymly bolup biler. Adamlar belliklere has ýiti reaksiýa bererler.Hepdäniň ahyrynda täze pikirler we oňyn üýtgeşmeler peýda bolar. Gatnaşyklarda düşünişmek gowulaşyp biler, meýilnamalar barada gürrüň etmek ýa-da biri-biriňize garşy ädim ätmek islegi dörär. Ýalňyz Sünbüleler üçin bolsa täze gyzykly dostlar peýda bolup biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Hepdäniň ilkinji ýarymynda howlukmazlyk aýratyn möhümdir. Seresaplygy sabyrlylygy we birnäçe ädimi öňünden pikirlenmegi talap edýän ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Çalt netije gazanmak üçin puluňyzy abraýyňyzy ýa-da gatnaşyklaryňyzy töwekgelçilige salmaň. Eger bir ýagdaý şübhe döredýän bolsa ony täzeden barlamak biraz garaşmak ýa-da ynanýan adamyňyz bilen maslahatlaşmak has dogry bolar.Bu döwürde dürli adamlara aýratyn çemeleşme tapmaly bolarsyňyz. Kimdir biri üns talap eder, başga biri goldaw ýa-da düşündiriş islär. Siziň esasy maksadyňyz hemmäni razy etmek däl-de, deňagramlylygy saklamak we öz bähbitleriňizi ýitirmezlikdir. Esasanam sizi biynjalyk etjek zatlara razy bolmakdan gaça duruň.Ýakyn adamlaryňyz bu hepde size adatdakydan has köp mätäç bolup bilerler. Kimdir birini diňlemeli, kömek etmeli ýa-da diňe ýanynda bolmaly ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şol bir wagtda özüňizi hem ýatdan çykarmaň. Eger ýadawlygy duýýan bolsaňyz, çäkleriňizi açyk görkezmekden çekinmäň. Goldaw bermek özüňizi doly ýatdan çykarmagy aňlatmaly däldir. Hakyky sazlaşyk owadan sözlerden däl-de, güýçleri dogry paýlamakdan başlanýar.Dynç günlerine golaý ýagdaýlar ep-esli gowulanar. Siziň özüne çekijiligiňiz güýçlener, adamlar bilen ylalaşmak aňsatlaşar, gatnaşyklar bolsa has ýyly bolar. Duşuşyklar, söhbetdeşlikler, romantik duşuşyklar ýa-da maşgala çäreleri üçin amatly wagt başlanar. Hepdäniň ilkinji ýarymyny näçe asuda geçirip bilseňiz, onuň soňy şonça-da ýakymly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Hepdäniň başy birneme geň bolup biler: käte işler öňe gider, käte bolsa kimdir biri päsgel berer ýa-da ýagdaýlar gyssagly çözgüt talap eder. Emma hut şeýle ýagdaýlarda siz özüňizi gowy tarapdan görkezýärsiňiz. Başgalar aljyran mahaly siz ýagdaýyň gizlin tarapyny görüp we adaty däl çözgüt tapyp bilýärsiňiz. Esasy zat adaty gürrüň bilen çözülip biljek ýagdaýlarda şübhelere artykmaç güýç sarp etmezlikdir.Hepdäniň ortasynda güýjüňizi tygşytlamak möhümdir. Ähli işe bir wagtda ýapyşmaň.Hatda güýjüňiziň ýetjekdigini duýsaňyz-da. Iň möhüm zady saýlap çeýe hereket ediň. Käte on sany howlukmaç ädimden bir güýçli ädim has peýdaly bolýar. Işde beýleki adamlaryň gözden salýan zatlaryny görmek ukybyňyz size uly peýda getirer. Şonuň netijesinde çylşyrymly gepleşiklerde ýa-da aldawly meselelerde üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokary bolar.Soňra goldaw berýän adamlar peýda bolar. Olar täsirli adamlar, tejribeli işdeşler ýa-da öň kömek etmäge taýýar bolan adamlar bolup biler. Kömegi kabul etmekden çekinmäň. Hemme zady diňe özüňiz gözegçilik etmeli däl. Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşda oňyn üýtgeşmeler mümkin.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Öňüňizde hereketli we peýdaly günler garaşýar.Bu wagt size güýçli taraplaryňyzy görkezmäge mümkinçilik bolar. Işde, okuwda ýa-da jemgyýetçilik ýerlerinde siz özüňizi ynamly görkezmek arkaly adamlaryň ünsüni çekip bilersiňiz.Erjellik gowy netijeleri getirer. Eger belli bir maksadyňyz bar bolsa ondan ýüz öwürmäň. Emma başga adamlaryň gyzyklanmalaryna hormat goýmak gatnaşyklary tizleşdirmäge we gereksiz jedellerden gaça durmaga kömek eder. Şeýle çemeleşme size täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.Maliýe we iş meselelerinde üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokary. Siz peýdaly netijä gelip, has gowy şertlerde ylalaşyk gazanyp, taslamany öňe sürüp ýa-da öňki tejribäni täze görnüşde ulanyp bilersiňiz. Hepdäniň ahyryna golaý garaşylmadyk wakalar ýüze çykyp biler. Olar uzak wagt bäri yza süýşürilen möhüm karary kabul etmäge itergi berer.Şahsy durmuşyňyzda gyzykly tanyşlyklary we möhüm gatnaşyklaryň ösmegini wada berýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01
Bu hepde özüňizi berk gözegçilikde saklamaly bolarsyňyz. Käbir ýagdaýlarda ýiti jogap bermek, tiz karar kabul etmek ýa-da meseläni bir hereket bilen ýapmak islegi döräp biler. Emma howlukmaň. Häzirki wagtda özüňizi dolandyrmak siziň güýçli aýratynlygyňyz bolar. Näçe asuda reaksiýa görkezseňiz, soň çözmeli meseleleriňiz şonça az bolar.Kem-kemden ýagdaýlar ýeňilleşer. Size kömek etmäge taýýar bolan adamlar, hyzmatdaşlar ýa-da peýdaly maslahat berjek tanyşlar peýda bolup biler. Özbaşdaklyk güýçli häsiýetdir, ýöne käte ähli ýüki ýeke çekmäge synanyşman, ony paýlaşmak has paýhasly bolýar.Maliýe meselelerinde aýratyn seresap bolmak zerurdyr. Akylly çemeleşseňiz, ýagdaý durnuklaşar. Munuň üçin duýgular täsirindäki çykdajylardan we howlukmaç kararlardan gaça durmak maslahat berilýär. Býujeti täzeden gözden geçirmek az mukdarda pul ýygnamak ownuk bergileri ýapmak ýa-da töleg meselelerini tertibe salmak peýdaly bolar. Hepdäniň ahyrynda gatnaşyklardaky köp derejede siziň sabyrlylygyňyza bagly bolar. Ýakyn adamlaryňyz adatdakydan has duýgur bolup bilerler. Eger bir zat sizi biynjalyk edýän bolsa, sowuk dymmak bilen jogap bermäň. Bu döwür garaýyşlary täzeden gözden geçirmek, güýji dikeltmek we hakykatdan möhüm zatlar barada asuda gürrüň etmek üçin amatlydyr. Näçe ýumşak çemeleşseňiz, şonça köp goldaw alarsyňyz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu hepde çeýe bolmak aýratyn möhümdir. Üýtgeşmeler we habarlar, täze adamlar, iş meseleleri ýa-da garaşylmadyk teklipler arkaly gelip biler. Bir wagtlar amatly bolupdy diýip, köne garaýyşlara ýapyşyp galmaň. Eger ýagdaý ýa-da maglumat üýtgeýän bolsa, meýilnamalary hem üýtgetmek zerurdyr. Bu ejizlik däl-de, durmuşa dogry uýgunlaşmak ukybydyr..Iş meseleleri üstünlikli öňe gidip biler, aýratyn hem maglumatlary seljermäge, täze usullary synap görmäge we dürli adamlar bilen aragatnaşyk gurmaga taýýar bolsaňyz. peýdaly tanyşlyklar täze pikirler we maksadyňyza ýakynlaşdyrjak ýagdaýlar ýüze çykyp biler.Aragatnaşykda hereketlilik artar. Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşyňyzdan hem üýtgeşmeler peýda bolar.Ýakymly duşuşyklar, garaşylmadyk duýgular, ýyly gürrüňler we özüňizi erkin duýup bilýän adamlaryň peýda bolmagy mümkin.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu wagt birneme kyn ýaly görünmegi mümkin, emma ol size möhüm tejribe getirer. Hemme zat öňünden meýilleşdirilişi ýaly gitmez. Meýilnamalar üýtgäp biler adamlar gijä galyp jogap bererler ýa-da ýagdaýlar täze şertlere uýgunlaşmagy talap eder.Bu wagt Içki duýgyňyza ynanyň, emma şol bir wagtda maglumatlary hem barlap duruň. Başgalaryň tankydy adatdakydan has agyr degip biler, aýratyn hem işiňize ýa-da gatnaşyklaryňyza köp güýç sarp eden bolsaňyz. Her aýdylan söz sebäpli ugruňyzy üýtgetmäň. Käwagt adamlar hakykaty aýdýandyklary üçin däl-de, diňe özleriniň ýadawlygy, aladasy ýa-da ýagdaýy dolandyrmak islegi sebäpli tankyt edýärler.Iş ugrunda erjellik arkaly ösüş gazanmak mümkinçiligi ýokarydyr. Eger işi ýarym ýolda taşlamasaňyz, sizi görerler, goldarlar ýa-da has geljegi uly ugura hödürlärler. Täsirli adamlar, tejribeli işdeşler bu wagt möhüm rol oýnap bilerler. Öz zähmetiňiziň netijelerini görkezmekden çekinmäň. Hepdäniň ahyrynda gatnaşyklar ýumşaklygy we dogruçyllygy talap eder. Häzirki wagtda güýjüňizi goramak we başgalaryň garaşmalaryna aşa köp güýjüňizi sarp etmezlik aýratyn möhümdir. Şeýle edeniňizde, hatda kyn pursatlar hem sizi has ynamly eder we geljekde haýsy ugurda hereket etmelidigine has aýdyň düşünmäge kömek eder.
