JEMGYÝET

2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipler taýýarlanar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda hem ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys