BILIMJEMGYÝET

2024 ýyly boýunça diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenen käbir kadalar bar. Şonda käbir daşary ýurt uniwersitetleriň käbir bölümlerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen sanawa girmek hökman bolýan wagty, käbir ýagdaýlarda bu sanawa girmese hem Türkmenistanda beýleki kadalary ýerine ýetirmek şerti bilen diplom ykrar etmek üçin ýüz tutmak mümkindir.

Eýsem haýsy ýagdaýlarda sanaw zerur?

Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýokary okuw mekdebiniň dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň («Academic Ranking of World Universities», «QS World University Rankings», «Три миссии университета» we «The Times Higher Education World University Rankings») kesgitleýän sanawyna giren bolmagy hökmany şert hökmünde talap edilýär. Başgaça aýdanymzyda Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça ýokaryda sanalan sanawa girmek zerurdyr.

Haýsy ýagdaýlarda sanawa girmek zerur däl?

Beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýokary okuw mekdebiniň ýokarda agzalan sanawa girmegi hökmany şert hökmünde talap edilmeýär. Başgaça aýdanymyzda Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryndan daşgary beýleki ugurlar boýunça bilim almak isleýän talyplar üçin sanaw zerurlygy ýokdyr.

Hormatly okyjylarymyz biz bu sanawy aşakda Size aýry-aýrylykda ýetirýäris. Ýagny bu sanawlardan haýsyda bolsa birinde Siziň okamak isleýän uniwersitetiniňz bar bolsa, onda, bu ýokary okuw mekdepleriň diplomlary Türkmenistanda ykrar edilmäge degişlidir. Siz bu habarymyzyň aşagynda Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryň sanawyny şeýle hem diplom ykrar etmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawyny tapyp bilersiňiz.

Daşary ýurtda bilim almak we diplom ykrar etmek bilen baglanşykly maglumatlary biz @atavatanturkmen Instagram hasabymyzda yzygiderli paýlaşyp gelýändigimizi ýatladýarys,

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52 ýa-da +90 530 251 36 73

Eýsem 2024-nji ýyl boýunça haýsy halkara uniwersitetleriň diplomy ykrar edilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligine salgylanyp bu sanawy dolulygyna Size ýetirýäris,

Atavatan1_THE ranking

Atavatan 2._2024_QS_World_University_Rankings_1.1_For_qs

Atavatan 3_Academic_Ranking_of_World_Universities

Atavatan 4 Rus

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary dörediler

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler