DÜNÝÄ

2024-nji ýylda dünýä ilaty 82 million adam köpeldi

2024-nji ýylda dünýäniň ilaty geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 82 million adam köpeldi. Bu barada dünýä ilty boýunça German gaznasy habar berdi.

Bu guramanyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dünýä ilaty 8.156 milliard adama deň bolar.

Hasabat döwründe Afrika yklymynda ilatyň tebigy ösüşi gazanyldy. Ýakyn iki onýyllykda bu yklymda ýaşaýanlaryň sany 2 esse golaý artar.

BMG-niň habaryna görä, 2037-nji ýylda Ýer şarynyň ilaty ilkinji gezek 9 milliardlyk görkezijä ýeter.

Related posts

Türkiýäniň öňdebaryjy neşiri öz sanyny Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlady

TOPH gaz geçirijisini Owganystanda başlamak üçin gepleşikler geçirilýär

Arno ýene tagty eýeledi

vepa