DÜNÝÄ

Lukaşenkonyň haýsy atyry ulanýandygy belli boldy

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko žurnalistler bilen geçiren interwýusynda haýsy atyry ulanýandygy aýtdy. Bu barada “Belarus 1” teleýaýlymy habar berýär.

Döwlet Baştutany “Eternity” atyryndan peýdalanýandygyny aýtdy. Şeýle hem bu atyry prezidentliginiň ilkinji günlerinden bäri ulanýandygyny belläp geçdi.

Ýöne Belarus Lideri bu atyryň haýsy brende degişlidigini mälim etmedi.

“Calvin Klein” ýaly birnäçe kompaniýalaryň “Eternity” brendli atyrlarynyň bardygy bellenilýär.

Related posts

Berdimuhamedov televizyon yayın süre hakkını diğer adaylara verdi

vepa

Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy