DÜNÝÄ

Türkmenistana ýanwar aýynda 30 wekiliýet sapar bilen geldi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler geçirilýär.

Abraýly halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň Türkmenistanda saparda bolandygy bellenildi.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 30 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi, Türkmenistandan 65 wekiliýet daşary ýurtlara ugradyldy. Ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 21-si geçirildi, Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 116-sy guraldy. Hasabat döwründe döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 12-si bilen ýetirildi.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde sanly ulgam arkaly syýasy geňeşmeleriň geçirilendigi, Aşgabatda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeleriň guralandygy bellenildi. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýanwar aýynda Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ynanç hatyny gowşurandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ýurdumyzda halkara çäreleri ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady