SPORT

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy

Italiýada Milan we Kortina-d’Ampezso şäherlerinde geçirilýän XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de Baş Assambleýanyň başlygy Annalena Berbok gatnaşdy.

Ýaryşlar 22-nji fewrala çenli dowam eder. Taryhda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlary iki şäherde — Milan we Kortina-d’Ampezsoda geçirilýär.

Açylyş dabarasy Milan şäherindäki “San-Siro” stadionynda geçirildi we oňa 70 müňden gowrak tomaşaçynyň, şeýle-de dünýä meşhur ýyldyzlar gatnaşdy.

Oýunlara 100-e golaý ýurtdan takmynan üç müň türgen gatnaşýar. Sekiz sport görnüşi boýunça 16 ugurda jemi 116 medal toplumy paýlanar. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek iki Olimpiýa ody bir wagtda ýakyldy — biri Milanda Parahatçylyk Arkasynda, beýlekisi bolsa Kortina-d’Ampezsoda Dibonanyň meýdançasynda.

2026-njy ýylda Italiýada geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hökmünde iki sany tumarjyk saýlandy — Tina we Milo. Olaryň atlary ýaryşlary kabul edýän şäherlere yşarat edýär. Döredijileriň pikiriçe, bilesigeliji, sportçy we şadyýan Tina bilen Milo Italiýanyň häzirki zaman we okgunly ösüş ruhuny alamatlandyrýar.

Related posts

Ýylyň hüjümçisi: Messi Ronaldodan öňe geçdi

Ýemelýanenko Taýson bilen boks tutuluşygyna çykmakçy

Ata Watan Eserleri

Iň gowy futbolçy baýragynyň dalaşgärleri

Ata Watan Eserleri