SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2021-nji ýylda adama doly emeli ýürek oturdylar

Fransiýanyň «Carmat» kompaniýasy dünýädäki ilkinji doly emeli ýüregiň satuwyna badalga berer. Enjam ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän hassalar üçin ýürek transplantasiýasy hökmünde ulanylýar.

«Bu emeli ýürek talaplary doly ödäp biler. 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky ýyllyk ýürek söwdasynyň 700 million ýewro ýetmegine garaşylýar» diýip, «Portzamparc»-yň bilermeni Muhammet Kaabuni täze emeli ýürek baradaky pikirlerini beýan etdi.

Emeli ýüregiň 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde satlyp başlanmagyna garaşylýar. Kompaniýa Ýewropadaky satuw üçin ähli zerur rugsatnamalary aldy.

Aslynda, emeli ýüregi döretmek boýunça işler mundan 27 ýyl ozal başlandy. 1993-nji ýylda kardiolog Allen Karpentier fransiýaly senagatçy Žan Lýuk Lagarder bilen bu baradaky pikirini paýlaşdy. «Matra» atly howa giňişligi enjamlary kompaniýasynyň eýesi Lagarder munuň üçin alym-lukmana zerur şertleri döredip berdi. Şeýlelikde, uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işler netijesini berdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi