DÜNÝÄ

Öňki derwezeçi ― Prezidentlige dalaşgär

Öňki derwezeçi Hose Luis Çilawert Paragwaýda 2023-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna öz dalaşgärligini goýdy.

55 ýaşly Çilawert bu barada şahsy «Twitter» hasabynda saýlaw mahabatyny ýerleşdirmek bilen habar berdi.

«Çila  Prezident 2023. Men paragwaýlydygyma buýsanýaryn» diýlip, ozalky derwezeçisiniň hasabynda ýazylýar.

Çilawertiň profesional karýerasy 1983 ― 2005-nji ýyllar aralygynda dowam etdi. Ol şol ýyllarda öz Watanyndan başga-da Argentinanyň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň brinäçe toparlarynda çykyş etdi.

Derwezeçidigine garamazdan, ol duşuşyklarda geçiren pökgüleri bilen hem meşhurdyr. Ol futbol oýnan ýyllarynda jerime urgularyndan jemi 62 gezek tapawutlandy. Paragwaýyň milli ýygyndysynyň hatarynda bolsa 74 duşuşykda 8 pökgi geçirdi.

Çilawerti Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy tarapyndan  üç gezek (1995, 1997 we 1998-nji ýyllarda) «Dünýäniň iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edilendigini, XX asyryň iň gowy derwezeçileriniň arasynda bolsa onuň adynyň altynjy orunda durandygyny ýatladýarys.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy