DÜNÝÄ

Ýaponiýa wagtlaýyn ýapylýar

Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurt raýatlarynyň ýurda girmegini wagtlaýyn gadagan etdi. Bu gadaganlyk 28-nji dekabrda güýje girip, ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam eder .

Bu döwürde ýurda diňe Ýaponiýanyň öz raýatlary bilen bu ýerde uzak möhletleýin wiza bilen ýaşaýan daşary ýurtlular girip biler.

Bu gadaganlygyň sebäbi hökmünde dünýä döwletleriniň birnäçesinde koronowirusyň täze akymynyň ýüze çykmagy bilen bagly ýagdaýlar görkezilýär.

Ýaponiýanyň 2021-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryny hem kabul etjekdigini ýatladýarys.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Related posts

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi

German kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk