Meýilleşdirilen işleriňize garaşylmadyk täze borçlar goşulyp biler we siz olary nädip çalt çözmelidigini öwrenmeli bolarsyňyz. Käbir soraglaryňyza jogap bermäge taýyn adamlar ýanyňyzda tapylar, ýöne käbir zatlary doly özbaşdak öwrenmeli bolarsyňyz. Muňa garamazdan, siz bu işleriň hötdesinden gowy gelersiňiz.Eger bu gün saparlary meýilleşdiren bolsaňyz, ýolda saklanmalara taýyn boluň. Şeýle hem, duşuşmaly adamlaryňyzyň gijä galmagy we munuň birneme bulaşyklyga sebäp bolmagy mümkindir. Eger artykmaç biynjalyk bolmasaňyz we alada etmeseňyz, islendik çynlakaý kynçylyklaryň öňüni alyp bilersiňiz. Umuman aýdylanda, bu gün köp zat siziň özüňizi alyp barşyňyza we ruhy ýagdaýyňyza bagly bolar.
Bu gun täze bir işe başlamak üçin diýseň amatlydyr. Emma ýadyňyzda saklaň: nädip hereket etmelidigine derrew düşünip bilmän, başda birnäçe ýalňyşlyklary goýbermegiňiz mümkin. Wagtyň geçmegi bilen hemme zat has gowy bolar we tiz wagtdan ilkinji üstünlikleriňizi gazanarsyňyz.Gatnaşyklar babatda bolsa, ýakymly tanyşlyklaryň bolmagy ähtimal. Siz bu gün birinji gezek görýän adamlaryňyzda gowy täsir galdyrarsyňyz, ýöne başda olar özlerini seresaply alyp bararlar. Günüň ikinji ýarymynda aragatnaşykda başlangyç edip bilersiňiz, ýöne muny sypaýyçylyk bilen we wakalary gyssaman etmek örän möhümdir.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün möhüm işler üçin örän amatlydyr. Eger size kömek gerek bolsa, ony gysga wagtyň içinde alyp edip bilersiňiz. Size diňe bir köne tanyşlaryňyz däl, eýsem golaýda tanyşan adamlaryňyz hem goldaw berip biler. Bu adamlar bilen basym dostlaşmagyňyz hem mümkin.Özüňiz üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga pursat dörär. Maslahatyň başynda düşünişmezlikleriň ýüze çykmasy ähtimal, emma siz islendik adamy, hatda öň dil tapyşyp bilmedik adamlaryňyzy hem özüňiziň haklydygyňyza ynandyrmagy başararsyňyz. Dogry, bu gün kabul edilen kararlary derrew amala aşyryp bolmaz, ýöne örän gysga wagtyň içinde munuň üçin amatly pursat dörär.Günüň ikinji ýarymy we ortasy birneme işli we gyzgalaňly bolar, käbir Jöwzalar adatdakysyndan has köp ýadandyklaryny duýup bilerler. Agşam bolsa güýç-kuwwatyňyzy dikeltmäge mümkinçilik bolar. Şeýle hem bu wagt köpçülikleýin çäreler üçin gowy wagt däl, ýöne kiçijik maşgala baýramçylygy üçin örän gowy geçip biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün möhüm işler üçin amatly gün däl. Bu ýyldyzyň käbir wekillerine ünsüni jemlemek kyn bolar başgalary bolsa haýsy işi birinji nobatda ýerine ýetirmelidigiňize, haýsysyny bolsa soňa goýmalydygyňyza derrew düşünip bilmezler. Emma kiçi meseleleri bökdençsiz çözmegi başararsyňyz. Hatda kömek hem gerek bolmaz, ýekelikde hem ajaýyp netijeler gazanarsyňyz.Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek aňsat bolar. Şeýle hem täze tanyşlar bilen gatnaşyklaryňyzda kynçylyk ýüze çykmaz, sebäbi olaryň özi köp meselede size tarap ädim äderler. Çagalyk we ýetginjeklik döwrüňizdäki dostlaryňyz bilen duşuşmagyňyz hem mümkin.
Bu gün töweregiňizdäki adamlar bilen düşünişmek size aýratyn aňsat bolar. Hatda öň size garşy bolan, sizi ýygy-ýygydan tankytlaýan ýa-da göwnüne degilen adamlar bilen hem umumy dil tapyşmagy başararsyňyz. Käbir Esetler beýleki adamlaryň özlerinden nämä garaşýandygyna düşünerler we käbir meselelerde olara tarap ädim äderler. Günüň ikinji ýarymynda romantik gatnaşyklarda gowulyga tarap özgerişleriň bolmagy ähtimal. Eger soňky wagtlarda söýgüli adamyňyz bilen araňyzda düşünişmezlikler dörän bolsa, bu gün munuň hakyky sebäbini anyklap bilersiňiz. Ýakymly garaşylmadyk sowgatlar we uzak wagtlap ýatda galjak üns-aladalar bolup biler.Günüň başynda saglyk ýagdaýyňyz gowy bolar, ýöne wagtyň geçmegi bilen birneme ýaramazlaşmagy mümkin. Şonuň üçin agşamyna aşa çynlakaý we ýadawlyk beriji işleri meýilleşdirmeseňiz has gowy bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün ýakymly geçsede uly üstünliklere ýa-da möhüm ýeňişlere garaşmak gerek däl. Soňky wagtlar üns merkezinde bolan işleriňiz ikinji meýilnama geçip bilersiňiz. Sünbüleleriň köpüsiniň uly we çynlakaý işler bilen meşgullanmaga islegi bolmaz. Emma muňa derek, ýyldyzyň wekilleri döredijilikli çemeleşmäni talap edýän meseleleriň hötdesinden ajaýyp gelerler. Öň hiç oýlanmadyk täze pikirleriňiz döremegi ýa-da täze mümkinçilikleriňiz açylmagy ähtimal.Siziň gyzyklanmalaryňyzy we höwesleriňizi natanyş adamlar bilen aragatnaşyk saklamakda örän peýdaly bolar. Käbir möhüm kararlary kabul etmek üçin ýetmeýän maglumatlaryňyzy hut şolardan almagyňyz mümkindir. Ýyldyzyň käbir wekilleri üçin bolsa ýakyn wagtda gerek boljak täze zatlary öwrenmäge pursat dörär.Günüň ikinji ýarymy uzakdan geljek möhüm habarlary getirip biler. Şol bir wagtda, gowy oýlanmaly boljak teklipleriň gelmegi hem ähtimal. Siz karar bermäge we netije çykarmaga howlukmarsyňyz, bu bolsa örän paýhasly bolar. Başgalaryň ýalňyşmagy mümkin bolan ýerinde, siz seresaplylyk görkezip, dogry ädim ädersiňiz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün ýyldyzyň köp wekilleri üçin ýatda galyjy wakalara baý üýtgeşik gün bolar. Intuisiýaňyz size garaşyp oturmagyň deregine başlangyç görkezmegiň we möhüm meýilnamalaryňyzy amala aşyryp başlamagyň has gowudygyny görkezer. Ýagdaýlar siziň peýdaňyza bolar we gysga wagtyň içinde ilkinji üstünlikleriňizi gazanmagy başararsyňyz. Soňky döwürde öz hususy işini açmak barada oýlanýan Mizanlarda anyk pikirler döräp biler. Bu pikirleri has tejribeli adamlar bilen maslahatlaşmaga ýalňyşlyklaryň we ýitgileriň öňüni almaga kömek etjek maslahatlary almaga pursat dörär.Okuwa ýa-da döredijilik işine ünsüni gönükdirenler hem gününi örän netijeli geçirerler. Siz ünsüňizi bölmersiňiz we hut şonuň üçin hem garaşanyňyzdan has köp iş bitirersiňiz.Günüň ikinji ýarymy romantik gatnaşyklar nukdaýnazaryndan aýratyn amatly bolar. Eger köpden bäri göwnüňize ýarap ýören adam bilen duşuşmaga gitseňiz, onda hökman gowy täsir galdyrarsyňyz we wagtyňyzy hoş geçirersiňiz.
Bu gün birneme aladaly bolar. Ýüregiňiz gysmaz, sebäbi diňe bir öz işleriňiz bilen däl, eýsem başgalaryň işleri bilen hem meşgullanmaly bolarsyňyz. Aýratyn gadyrly adamlaryňyzyň birine kömek gerek bolmagy mümkindir. Şeýle ýagdaýlarda ýüz öwürmek islemersiňiz we gadyrly adamyňyzy goldamak üçin öz işleriňizi ýa-da dynç alyş meýilnamalaryňyzy yza süýşirmeli i bolsaňyz.Şeýle hem meýilleşdirilmedik çykdajylaryň bolmagy ähtimal. Biriniň goýberen ýalňyşlygyny düzetmek, meselem, başga biriniň döwen tehnikasyny bejertmek bilen bagly bolup biler.Günüň ikinji ýarymynda romantik gatnaşyklar babatynda gün erbet bolmaz. Söýgüli adamyňyz bilen köp wagt geçirmäge çalşyň: siziň ünsi-aladaňyz bu gün ol adam üçin aýratyn möhüm bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Şeýle hem garaşylmadyk wakalaryň we gyzykly teklipleriň bolmagy mümkin. Saparlar we syýahatlar hem şowly geçer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Täze bir işe başlamak üçin amatly pursat. Şeýle işlerde nädip üstünlik gazanyp boljakdygyna çalt düşünersiňiz. Intuisiýaňyza gulak asyň: onuň maslahatlary saýasynda başgalaryň başarmadyk işleriniň hötdesinden gelersiňiz. Bu gün okuw öwrenmek üçin örän amatlydyr, köp zady derrew kabul edersiňiz we çynlakaý meseleleri çözmeli bolsaňyz hem ýalňyşlyk goýbermersiňiz.Aragatnaşyk saklamak üçin hem bu gün diýseň şowly bolar. Üýtgeşik adamlar bilen duşuşmagyňyz mümkin. Olaryň käbiri özüniň täsin tejribesini paýlaşar, bu bolsa size örän peýdaly bolar. Käbir Jedi ýyldyzynyň astynda doglanlar öň umumy dil tapyşyp bilmedik adamlary bilen ýaraşarlar ýa-da öňki bäsdeşleri bilen dostlaşarlar. Romantik gyzyklanmalaryň, ruhlandyryjy we özüne çekiji söýgi hekaýalarynyň başlamagy hem ähtimal.
Bu gün köp sanly peýdaly işler üçin örän amatlydyr. Siz täze zatlary synap görmäge we adatdan daşary ýollary ulanmaga taýyn bolarsyňyz.Islendik meseläni çözmäge döredijilikli çemeleşmegiňiz, hatda garaşmadyk ýeriňizde hem üstünlik gazanmaga kömek eder. Käbir aýratyn batyrgaý başlangyçlaryňyzda täze tanyşlaryňyzyň sizi goldamagy mümkindir. Örän üýtgeşik we geň galdyryjy derejede berk hyzmatdaşlyklar döräp biler. Käbir Daluwlar bu gün ýakyn geljekde iş dolandyryjy hyzmatdaşy, iş berijisi ýa-da kärdeşi boljak adamlar bilen tanyşarlar.Aragatnaşyk üçin hem gün örän şowly bolar. Ak ýürekliligiňiz we töweregiňizdäki adamlara bolan gyzyklanmaňyz saýasynda, hatda özüňize hiç meňzemeýän adamlar bilen hem gowy düşünişersiňiz.Günüň ikinji ýarymy, ýakynlarynyň ykbaly barada alada edýän Daluwlara hoş habarlar getirer. Şeýle hem size ajaýyp pikirleri berjek ýa-da öňden tanyş zatlara täzeçe garamaga kömek etjek wakalaryň bolmagy ähtimal.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Gyssagly çözülmeli meseleler ýüze çykyp biler. Öz duýgularyňyza ynanmak sizi dogry ýola gönükdirer. Söz bermezden ozal mümkinçilikleriňizi dogry bahalandyryň. Gatnaşyklarda uly özgerişleriň bosagasyndasyňyz, öz saýlawyňyza ynamly boluň.Şeýle hem käbir wadalary bermezden ýa-da özüňize borçnama almazdan ozal iki gezek pikirleniň. Beren sözüňizde durmak pikir edişiňizden hem has kyn bolmagy mümkin.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
