SPORT

Zenanlaryň ilkinji çempionaty

Saud Arabystany Patyşalygynda zenanlaryň arasynda futbol boýunça ilkinji çempionat geçirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki maglumata görä, şu hepde ýurduň taryhyndaky ilkinji çempionata badalga berildi.

Zenanlaryň arasyndaky futbol çempionatyna Dammam, Jedda we Er-Riýad şäherlerinden 24 topar gatnaşýar. Çempionatyň ahyrynda ýeňiji bolan topara 133 müň dollar pul baýragy gowşurylar.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň ýanwarynda Saud Arabystanyda zenanlara erkekleriň arasynda geçirilýän futbol duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin stadionlara barmaga rugsat edilipdi.

Bu ýaryşyň Saud Arabystanynyň sport dünýäsi üçin möhüm ädim hökmünde kabul edildi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Related posts

Bişkekde sambo boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Dewis kubogyna taýýarlanýar

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy