JEMGYÝET

Ýuriý Gagarini Türkmenistan bilen näme baglanyşdyrýar?

Şu gün 12-nji aprel – ilkinji adamyň kosmosa çykan günüdir. Altmyş ýyl mundan ozal taryhy waka bolup geçdi. “Gündogar” atly kosmos gämisi içinde kosmonawtlar bilen bilelikde kosmos giňişligine çykdy. Bu waka 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçdi. Şol ýyl kosmosa ilkinji çykan adam hökmünde Ýuriý Alekseýewiç Gagariniň ady adamlaryň aňyndan müdimilik orun aldy. Ýuri Gagarini Türkmenistan bilen näme başlanyşdyrýar? diýen sowala bolsa, “orient.tm” internet neşiriniň habary doly jogap bolup durýar.

1961-nji ýylyň 15-nji aprelinde Moskwadan Aşgabada “Il-18” uçary gelýär. Bu uçaryň ekipažynyň ýolbaşçysy Sergeý Amirzawoddyr. Ol Wnukow aerodromynda Ýuri Gagarini garşy alanlaryň biridir. Aşgabatlylar uçarmandan ilkinji kosmonawtyň Ýere gelip gonuşy bilen baglanyşykly ýatlamalaryny paýlaşmagyny soraýarlar:

– Uçar gondy we orkestr saza başlady. Gahryman kosmonawt Ýuriý Gagarin gözüme kaklyşdy. Daş-töwereginde düşündirip bolmajak şowhun, kepderiler, toplar, şlýapalar howada ýokary göterilýär – diýip belleýär. Köp sanly adamlar surata düşdiler.

Ýuriý Gagariniň skafandrasyny (kosmosa, stratosfera uçmak üçin ýörite geýim) işläp-düzen inžener Ota Mithrabanowiç Bahromowdyr. Bahramow barada maglumat kän ýok. Ýöne “Halkyň hakydasy” saýtynda Bahramowyň biografiýasy ýerleşdirilendir. Ol Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy bolup, inžener-polkownik Ata Mehrabanowiç Bahramow Türkmenistanda, Aşgabat oblastynda doglupdyr.

Bahramow ilkinji kosmonawtyň skafadrasyny işläp düzmek bilen meşgullandy. “Zwezda” zawodynda işlenip düzülen skafandra işläp düzüjileriň ussatlygyny görkezdi. Ol Gagariniň dürli adatdan daşary ýagdaýlarda durmuşyny gorady.

Pensiýa çykandan soňra inžener-polkownik Aşgabada gaýdyp gelipdir. Ýöne žurnalistler bilen hiç haçan görleşmändir.

 

Howa maglumaty: ýagyşa garaşylýar

 

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy