JEMGYÝET

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde 2021-2022-nji okuw ýylynyň «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Şanly wakalara beslenýän üstümizdäki ýylyň şygaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhunda geçen dabaralar «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy. Olarda mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine gadam basýan ýaşlara ak ýol arzuw edildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Soňky jaň» dabaralarynda hormatly Prezidentimiziň orta mekdepleriň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy ruhubelentlik bilen okaldy.

Üstünlikli jemlenen okuw ýylynda Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň uçurymlary bolan ýaşlaryň müňlerçesi durmuş mekdebine sary ilkinji ädimi ätdiler. Şu okuw ýylynda ýaşlarymyzdan Ahal welaýaty boýunça 9 müň 916-sy, Balkan welaýaty boýunça 6 müň 989-sy, Daşoguz welaýatyndan 17 müň 718-si, Lebap welaýatyndan 19 müň 400-e golaýy, şeýle-de Mary welaýaty boýunça 18 müň 403-si uçurym bolup, bilim-terbiýe alan ak mekdepleri bilen hoşlaşýarlar.

Egsilmez şatlyga, ýaş ýürekleriň joşgunyna beslenen «Soňky jaň» dabaralary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde-de uly ruhubelentlikde geçirildi. Aýdym-sazly dabaralaryň dowamynda okuwlaryny üstünlikli tamamlan göreldeli uçurymlara Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Soňky jaň» dabaralaryna uçurymlaryň ata-eneleri hem gatnaşdylar. Olar dabaralarda çykyş edip, perzentlerine bilim-terbiýe beren mugallymlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

THY: Belgiýa koronawirus çäklendirmeleri gowşadýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan Gazagystany BMG-niň Kararnamasy bilen gutlady