JEMGYÝET

Ýun Sok Ýol: Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz täze derejä çykaryldy

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady. Ol öz gutlag hatynda özüniň amala aşyrylan döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarandygyny belledi.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şu ýylyň iýunynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparymyň Siziň bilen dostlugymy pugtalandyrandygyna we ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarandygyna şatdyryn. Ýurtlarymyzyň sammitiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda bilelikdäki işi mundan beýläk-de dowam etdirjekdiklerine, geljegi nazarlaýan özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga yzygiderli üns berjekdiklerine umyt edýärin.

Related posts

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri

7 yılda 152,9 milyar metreküp gaz ihraç edildi

vepa

Hepdelik täleýnama (23-29 awgust)

Ata Watan Eserleri