JEMGYÝET

Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” hem-de “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” netijeli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk ugruny we halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalary we dünýäniň bu ugurlarda ösen döwletleri bilen giňden halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Maksatnamada we Konsepsiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy