TEHNOLOGIÝA

Ykjam telefonlaryňyzy arassalap duruň!

Tehnologiýalaryň ösen döwründe iň köp ulanylýan şahsy enjam ykjam telefonlardyr. Dünýä lukmançylygy käbir wiruslaryň we ýokanç keselleriň telefonlar arkaly hem ýokuşyp biljekdigini aýdýarlar. Şonuň üçin olaryň ýygy-ýygydan arassalap durmagyň zerurdygy “Türkmenistan” gazetindäki habarda bellenilip geçilipdir. Bu babatda berilýän käbir maslahatlara ünsçekilipdir:

— ilkinji nobatda, ykjam telefonlary di­ňe özü­ňiz ulanjak boluň! Onuň başgalaryň eline düşmezligini gazanjak boluň. Yzygiderli elimizdeligi we gürleşenimizde, agzymyza has golaý durýanlygy üçin olaryň ýokanç keselleri döredip bilmek ähtimallygy güýçli;

— häzirki zaman telefonlarynyň daşky gurluşy çyga garşy berk gorag bilen üpjün edilendir. Şonuň üçin bir gezek ulanylýan çygly süpürgiçler bilen telefonyň di­ňe daşyny däl, onuň gabyny, hatda batareýasynyň ýerleşýän ýerine çenli her gün süpürip durmak gerek. Şunda onuň gabyndaky epinli ýerlere we telefonyň künjeklerine aýratyn üns berilmeli;

— dürli wiruslaryň metal enjamlarda uzak wagtlap saklanyp bilýändigini dünýä lukmançylygy subut etdi. Şonuň üçin, esasan hem, öýde ýa-da iş otagynda birnäçe sagatlap duran telefonlaryň tämizligine ünsi has güýçlendirmeli;

— telefonda gürleşýän adamyň sesini birnäçe santimetr uzaklykdan hem eşitmek mümkindir. Şol sebäpli ony gulagy­ňa degrip gürleşmegiň juda bir zerurlygy ýok;

— käbir himiki arassalaýjy serişdeler pürkülende, ekranyň syzgyrlygyna täsirini ýetirip biler. Şonuň üçin telefonlar arassalananda, şol serişdeleri ilki pagta ýa-da mata bölejigine pürküp, soň ulanmak maslahat berilýär;

— eger zerurlyk ýüze çykmasa, ýolda, köpçülik ýerlerinde, awtobusda we beýleki ýerlerde telefony yzygiderli eli­ňe alyp, oýnap oturmakdan daşda durmaly; Telefon günüň dowamynda iň gerekli enjamlarymyzyň biri. Ýöne, goý, ol bize näçe peýda berýänem bolsa, saglygymyza zyýanly täsirini ýetirmesin!

Ýene-de okaň

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär