DÜNÝÄ

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we daşky gurşawyň howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek we ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde ÝHHG bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň aýratyn orny eýeleýändigini belledi.

Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigi kanagatlanma bilen bellendi.

Halkara we sebit syýasaty, sebitdäki howpsuzlyk we durnuklylyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ýolbaşçylary sebit we halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek we goňşy ýurda netijeli ynsanperwer kömegi bermek arkaly Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy dikeltmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy