JEMGYÝET

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?

Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan güni geldi. Şu gün 14-nji iýul. Gije ýarysy Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň finaly geçiriler. Berlin şäheriniň Olimpiýa stadionyndaky final duşuşygynda Angliýa bilen Ispaniýa duşuşar.

Ozal 3 gezek çempion bolan Ispaniýanyň 4-nji çempionlygyny gazanyp bilermi ýa-da taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempiony bolmak bagty Angliýa nesip edermi? Ol şu gün agşam belli bolar.

Angliýa bolsa, güýçli ýyldyzlara eýe bolandygyna garamazdan, bu çempionatda gyzykly oýun görkezip bilmedi. Ähli duşuşyklarda diýen ýaly kynçylyk bilen ýeňiş gazandy.
Angliýa bilen Ispaniýa Ýewropa çempionatlarynda 3-nji gezek duşuşýar. Mundan ozaly duşuşyklarda angliýa ýeňiş gazanypdy. 1980-nji ýylda toparçadaky duşuşykda Angliýa Ispaniýany 2:1 hasabynda utupdy. 1996-njy ýyldaky çempionatda bolsa, çärýek finalda Angliýa garşydaşy Ispaniýany 11 metrlik jerime urgulary netijesinde ýeňipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»