JEMGYÝET

Arkadag gazeti döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Arkadag gazetiniň redaksiýasy döredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu resminama laýyklykda, täze döredilen Arkadag gazeti 2023-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, çap edip başlamak göz öňünde tutuldy. Gazet hepdede bir gezek neşir ediler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Arkadag teleýaýlymy döredilip, 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenilipdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary konferensiýasy geçirilip, onda  “Arkadag” futbol klubynyň döredilendigi mälim edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäheine baryp, şol ýerde “Arkadag” futbol klubynyň milli sport lybaslary bilen tanyşdy.

 

Arkadag teleýaýlymy dörediler

“Arkadag” futbol kluby döredildi

Related posts

Türkmenistan Türkiýä gynanç bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze metjitler gurlar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment