JEMGYÝETSPORT

“Arkadag” futbol kluby döredildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens-zalynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary konferensiýasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Onuň gün tertibiniň esasy meselesi täze döredilen “Arkadag” futbol klubuny TFF-niň agzalygyna kabul etmek bilen bagly boldy. Geçirilen ses berlişigiň netijesinde “Arkadag” futbol kluby biragyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna agzalyga kabul edildi.

Onuň yzysüresi geçirilen TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda täze döredilen “Arkadag” futbol klubuny ýurdumyzyň futbol çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky bäsleşige goşmak barada karara gelindi.

Şeýle-de, TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň, Kubok bäsleşiginiň hem-de ýaşlar toparlarymyzyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryşyň geçiş tertipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň Prezidenti bilen Telefon arkaly Söhbetdeşligi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlary we teklipleri

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment