JEMGYÝET

ÝB-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary komissary Josep Borrel bilen duşuşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Şol bir wagtyň özünde, geljegi uly ugurlaryň arasynda energetika, ulag, sanlylaşdyrma, bilim we daşky gurşaw görkezildi. ÝB-Türkmenistan bilelikdäki komiteti, adam hukuklary boýunça dialog we parlamentara dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy meselesinde jikme-jik pikir alyşma geçirildi, bu ýerde R.Meredow hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýörelgelerine esaslanyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky tagallalaryna we başlangyçlaryna ünsi çekdi.

Taraplar, şu ýyl Türkmenistanda ÝB-Merkezi Aziýa formatda daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny guramak meselelerine-de degip geçdiler.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Adam hukuklary boýunça türkmenistan-ÝB dialogy

vepa

Türkmenistan’da Yılın Bankası – Senagat Bankası Seçildi

vepa