TEHNOLOGIÝA

Ýewropada internete girmek üçin…

Ýewropa ýurtlarynda internetden peýdalanmak üçin köpräk smartfondan peýdalanylýar. Internet ulanyjylaryň 87 göterimi internetden peýdalanmak üçin smartfon ulanýar. Belli bir möçberi stol kompýuterden we noutbukdan girýärler.

Bu barada Ýewropanyň Statistika agentligi habar berýär. Intrnet ulanyjylaryň 95 göterimi 16 ýaşdan 24 ýaş aralygyndaky ýaşlar boldy. Ýewropalylaryň 65 ýaşdan 74 ýaşa çenli aralykdaky raýatlarynyň 59 göterimi internetden peýdalanýar.

Aýallar noutbuklar, planşetler we smartfonlar arkaly internete girmegi makul bilýärler, erkekler bolsa iş stoly kompýuterleri we akylly telewizor, oýun konsollary, elektron okyjylar we akylly sagatlar ýaly internete girýärler.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler