DÜNÝÄ

Ýewropa Parlamentinde türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan mejlis geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherindäki Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy bilen bilelikde geçiren “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny” atly ýörite mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň, onuň halkara gatnaşyklarynda durnuklylygyň we ynanyşmagyň esasy şerti hökmünde örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada hem bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ösüşi, onuň hukuk esaslary hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, golaýda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ygtybarly meýdança bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler.

Mejlise gatnaşyjylar bu maslahatyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigiň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny nygtadylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilendigini aýratyn bellediler.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy